Talhan

Medeniýet
27.01.2026
57

Talhan

Milli tagamlarymyzyň biri-de talhandyr. Gowrulan una ýa-da gowurga ununa toşap we beýleki zatlar garylyp taýýarlanýan iýmite talhan diýilýär. Ol nesilden-nesle geçip gelipdir. Talhany taýýarlamak üçin, ilki bilen, arassa bugdaýy saýlap almaly. Ony haýal ýanýan otda gazanda gowurmaly. Gowrulanda tutdan ýasalan esbap ulanylýar. Bugdaý bişiberende, şerbetli suwy guýmaly we garmaly. Şerbet beter goýy hem bolmaly däl. Soňra bugdaýy üwemeli. Talhanyň süýjüligi üçin goýnuň guýruk ýagy hem gerek. Ýagy edil aşyk ýaly edip dogramaly we gazanda duzsuz gowurmaly. Taýýar bolandan soňra onuň jyzzygyny aýryp, ýagyny süzmeli. Ulurak bir gap alyp, üwelen bugdaýyň üstüne ýagy guýmaly. Şondan soňra talhan süýjüligimiz doly taýýar bolýar.

Täze habarlar