Talyplar üçin täze sport meýdançasy
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde açyk howada döwrebap maşk edilýän sport meýdançasy döredildi. Talyplaryň bedenterbiýe boýunça şertlerini gowulandyrmak maksady bilen döredilen meýdança häzirki zaman talaplaryna laýyk bolup, onda maşklary ýerine ýetirmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Sport enjamlary hil taýdan berk talaplara laýyklykda saýlanyp, howanyň dürli şertlerinde ulanmaga amatlydyr. Mundan başga-da, meýdançada agşamara wagtlary hem türgenleşik geçirmek üçin ýörite yşyklandyryş ulgamy oturdyldy. Bu sport meýdançasy ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmegine, bedenterbiýe-sport bilen yzygiderli meşgullanmagyna we zehinli türgenleriň ýüze çykmagyna uly mümkinçilik berer.