Talyplaryň okuw-önümçilik tejribeligi
“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary konserniň edara-kärhanalarynda okuw-önümçilik tejribeligini üstünlikli geçdiler. Okuw meýilnamasyna laýyklykda guralan bu tejribelik ýaş hünärmenleriň nazary bilimlerini amaly iş tejribesi bilen utgaşdyrmaklaryny üpjün etdi. Talyplar tejribe döwründe konserniň edara-kärhanalarynyň dürli bölümlerinde iş alnyp barlyşynyň dürli tapgyrlary, döwrebap enjamlar bilen işlemek, nebiti we gazy çykarmak hem-de taýýarlamak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşdylar. Şeýle hem olar iş meýdançalarynda işgärleriň ýerine ýetirýän işi, tehniki howpsuzlyk düzgünleri hem-de önümçiligiň guramaçylyk aýratynlyklary bilen ýakyndan tanşyp, tejribeli hünärmenlerden maslahatlaryny aldylar.