Tans toparlary bäsleşdiler

Jemgyýet
26.02.2024
385

Tans toparlary bäsleşdiler

Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda «Tans-folklor dessury halkyň heňidir, beýik söz ussady Magtymguludyr» ady bilen geçirildi. Onda etrap-şäher medeniýet merkezleriniň tans toparlary bäsleşdiler.

Täze taryhy eýýamda öňde durýan wezipelerden ugur alyp, medeniýeti, sungaty, halk döredijiligini has-da kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesilleriň medeniýete bolan garaýyşlaryny ýokary derejede ösdürmek maksady bilen geçirilen döredijilik tans bäsleşigine gatnaşan toparlar milli aýdymly tansy halk äheňinde ýerine ýetirmekde, folklordan parçalary görkezmekde bäsleşdiler. Ata-babalarymyzdan miras galan gadymy toý däp-dessurlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Gyzykly geçen bäsleşigiň birinji şertinde Gyzylarbat etrabynyň «Misserian» tans topary baş baýraga eýe boldy. Türkmenbaşy şäheriniň «Ýaşlyk» tans topary, Balkanabat şäher medeniýet bölüminiň, Esenguly etrabynyň medeniýet merkeziniň döredijilik toparlary degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlara mynasyp boldular.

Ikinji şertde Balkanabat şäheriniň medeniýet bölüminiň döredijilik topary baş baýraga mynasyp görüldi. Esenguly, Bereket etraplarynyň medeniýet merkezleriniň döredijilik toparlary, Magtymguly etrabynyň medeniýet merkeziniň «Sumbar» folklor topary degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelediler.

Bäsleşikde ýeňiji bolan toparlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Çäräniň geçýän ýerinde amaly-haşam sungatynyň, nusgalyk el işleriniň sergisine-de uly orun berildi.