Tans we folklor dessurynyň ussatlary

Medeniýet
09.03.2026
132

Tans we folklor dessurynyň ussatlary

Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda tans hem-de folklor toparlarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. «Bedew batly at-myradyň mekany — tans, folklor dessury döwrüň mukamy» diýlip atlandyrylan bäsleşige Balkan welaýatynyň etrap-şäherleriniň tans hem-de folklor toparlary gatnaşdylar. Onuň şertine laýyklykda, bäsleşige gatnaşanlar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanyp döredilen aýdymly tansy ýerine ýetirdiler. Folklordan parçalary ýerine ýetirmekde ussatlyklaryny görkezdiler. Emin agzalary bäsleşige gatnaşyjylaryň ýerine ýetirijilik ukybyna, tansyň milliligine, folkloryň many-mazmunyna, çykyş edýänleriň egin-eşikleriniň kybapdaşlygyna we döwrebaplygyna baha berdiler. Netijede, tans sungaty boýunça Gyzylarbat etrabynyň «Misseriýan» tans topary baş baýraga mynasyp bolmagy başardy. Türkmenbaşy şäheriniň «Ýaşlyk», Türkmenbaşy etrabynyň «Kenar», Esenguly etrabynyň «Deňiz» tans toparlary degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelediler. Folklor toparlaryň arasynda baş baýragy Balkanabat şäheriniň «Şapak» folklor topary eýeledi. Bereket etrabynyň «Bereket ýaýlasy» folklor topary birinji, Gyzylarbat etrabynyň «Köpetdag» folklor topary ikinji, Türkmenbaşy şäheriniň «Miras» folklor topary üçünji orunlara mynasyp boldular.