Tanyşdyrylyş dabarasy

Jemgyýet
01.09.2023
476

Tanyşdyrylyş dabarasy

Balkan welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň akyldar şahyrymyza bagyşlap döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabarada edilen buýsançly çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgynyň Gündogaryň beýik akyldary hakynda ýazylan iň gowy eserleriň biridigi, bu şygryň üsti bilen dana şahyrymyza türkmen halkynyň Milli Lideriniň hormat-sarpasynyň, söýgi-buýsanjynyň nusgalyk derejededigine göz ýetirmek bolýandygy baradaky söhbetler çykyşlaryň özenini düzdi.

Şeýle-de dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolmagy bilen baglanyşykly çykyşlara hem orun berlip, bu taryhy çözgüdiň ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ýaşlar syýasatynyň halkara derejede ykrar edilmesi bolandygy buýsanç bilen nygtaldy.

Dabaranyň dowamynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýygnananlara ruhy lezzet paýlady.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar kitap sergisine syn etdiler.

Täze habarlar