Tanyşdyrylyş dabarasy
Medeniýet hepdeliginiň baý many-mazmunly çäreleriniň biri hem welaýat kitaphanasynda geçirilen täze neşir edilen we sesli kitaplaryň, şeýle hem täze döredilen elektron kitaplaryň saýtynyň tanyşdyrylyş dabarasydyr. Oňa gatnaşanlar täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylyp, bitewi elektron kitaphana ulgamynyň kemala gelýändigini, okyjylar üçin döredilýän bu amatly mümkinçilikleriň netijesinde kitap söýüjileriň sanynyň barha köpelýändigini, ýurdumyzyň kitaphanalarynda, kitap dükanlarynda döwrebap iş usullaryndan, sanly tehnologiýalardan peýdalanylmagynyň kitaphana hyzmatyny has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berýändigini buýsanç bilen bellediler. Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşanlar öňdebaryjy tehnologiýalara, iň gowy dünýä tejribesine esaslanýan ýörelgelere laýyklykda, sesli kitaplaryň, täze döredilen elektron kitaplaryň saýtynyň halk köpçüligine ýetirilişi bilen tanyşdyryldy.