
Taryhy dessan esasynda täze sahna oýny
Balkan welaýat döwlet drama teatrynda «Gilgameş» atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy. Ony dramaturg Oguljennet Bäşimowanyň pýesasy esasynda teatryň baş režissýory Öwezmämmet Galandarow sahnalaşdyrdy.
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan edilmegi mynasybetli taryhy «Gilgameş» dessany esasynda sahnalaşdyrylan bu sahna oýny barada baş režissýor Öwezmämmät Galandarow şeýle gürrüň berdi:
- Häzire çenli sahnalaşdyran taryhy spektakllarymdan tapawutlylykda, «Gilgameş» sahna oýny adamzat siwilizasiýasynyň irki döwürleriniň wakalaryny özünde jemleýär. TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň aňyrsynda uly many bar. Änewlileriň Mesopotamiýadaky gadymy şumerleriň siwilizasiýasyna ýetiren täsiri alymlaryň subut eden hakykaty.
-
Alymlaryň bellemegine görä, ilkinji hat-ýazuw medeniýeti şumerlerde döräpdir. Şumerleriň hat-ýazuwlaryndaky şekilleriň häli-häzire çenli biziň halylarymyzdaky, keşdelerimizdäki nagyşlarda saklanyp galmagy, medeniýetlerimiziň arasyndaky taryhy baglanyşygy tassyklaýar.
Taryhy wakalar içinden eriş-argaç bolup geçýän, adamzadyň taryhyndaky ilkinji dessan hasaplanylýan «Gilgameş» eseri esasynda goýlan spektakly teatrymyzyň döredijilik toparynyň yhlaslylygy, erjelligi netijesinde tomaşaçylara ýetirdik. Spektaklda Rejep Nazgurbanow, Myratberdi Sätiýew, Annasoltan Berdiýewa, Laçyn Nuryýewa, Gülnur Hajymämmedowa, Amansoltan Nepesowa, Hydyrberdi Hydyrow, Gurban Anjykow, Ýakup Öwezow, Arslan Mämmetgulyýew, Parahat Elýasow dagy özlerine ynanylan keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi başardylar. Spektaklyň tomaşaçylarda müňýyllyklara uzaýan şöhratly geçmişimiziň gymmatlyklary bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik döredendigine ynanýarys.