
Taryhy wakanyň şanyna
Balkan welaýat häkimliginiň hem-de Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda “Magtymguly Pyragynyň mirasy - parahatçylygyň, dostlugyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň binýady” atly dabaraly maslahat geçirildi. Jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda Balkan welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen maslahat ýokary ruhubelentlige beslendi.
Onda çykyş edenler daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy - parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyň hem-de hormatly Prezidentimiziň bu forumda eden çuň many-mazmunly çykyşynyň taryhy ähmiýete eýe bolandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň bütin Ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýedigi, onuň goşgularynyň dünýä dillerine terjime edilip, söýlüp okalýandygy, akyldaryň parahatçylygy, aýdyň geljegi, bagtyýar durmuşy arzuwlan şahyrdygy we şol arzuwlarynyň ajaýyp zamanamyzda hasyl bolandygy barada gürrüň etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şahyra goýulýan sarpanyň has ýokary derejelere göterilýändigine paýtagtymyzda geçirilen halkara forum aýdyň şaýatlyk edýändigini bellediler.
Dabaraly maslahatda sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyrylyp, olarda Watanyň, ajaýyp döwrüň, durmuşa geçirilýän beýik işleriň, Magtymguly Pyragynyň waspy belentden ýetirildi.