“Taryhyň gaýtalanmajak ýaňy”

Medeniýet
24.04.2024
453

“Taryhyň gaýtalanmajak ýaňy”

Türkmen halkynyň milli zergärçilik sungaty halkymyzyň durmuş-ykdysady, medeni ösüşine düşünmek hem-de onuň häzirki we gadymy halkyýetler bilen aragatnaşyklaryny ýüze çykarmak üçin gymmatly maglumatlar berýär. Milli şaý-seplerimiz kümüşden hem-de altyndan ýasalyp, bu önümler ynsan saglygy üçin peýdaly hasaplanypdyr. Taryhy maglumatlara görä, dünýäde ilkinji zergärçilik ussahanalarynyň biri häzirki günbatar Türkmenistanyň çäginde döräpdir.

Ýurdumyzyň günbatar sebitleriniň gelin-gyzlarynyň ulanýan şaý-sepleri özboluşly bolup, bu künjekde gelin-gyzlaryň dakynýan saşlyk, açarbag, gülýaka, gulakhalka, bilezik ýaly şaý-sepleriniň gaşlary köplenç gök, gyzyl, goňur reňklerde bolýar.

Balkanly zenanlaryň gulakhalkasynyň gabaraly kümüş bölegi bolup, üçburçluk şekilinde ýasalýar. Gulakhalka altyn çaýylan çylşyrymly nagyşlar bilen bezelýär. Üçburçlugyň aşak etegi pişme görnüşli bolup, oňa kümüş şaýjagazly zynjyrjyklar asylýar.

Kenarýaka türkmen zenanlarynyň dakynan halkalarynyň ölçegi uly göwrümli bolup, 10 santimetrden hem geçipdir. Uly ölçegli gulakhalkalar “tomarçakly halka” diýip atlandyrylýar. “Aý halkalaryň” ölçegi bolsa olardan kiçiräk bolup, içinde ýarymaýyň we ýyldyzlaryň şekili şekillendirilýär.

Häzirki zaman türkmen zergärleri ajaýyp bezeg önümlerini ussatlyk bilen ýasap, zergärçilik sungadynyň has-da kämilleşmegine we onuň dünýä nusgalyk derejede ösdürilmegine öz goşandyny goşmagy dowam etdirýärler.

Täze habarlar