Tarypa mynasyp zähmet

Ykdysadyýet
20.01.2023
500

Tarypa mynasyp zähmet

Balkan welaýatynyň çägindäki tebigy ojaklardan çykarylýan «gara altyny» senagat taýdan gaýtadan işleýjilere bökdençsiz ýetirmekde «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabatdaky esasy nebit geçirijiler müdirliginiň hyzmaty uludyr. Kärhana nebit çig malyny diňe bir ýörite turba geçirijiler arkaly sarp edijilere ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, bu işlerde ýöriteleşdirilen ulaglaryň hyzmatyndan hem ýerlikli peýdalanýar. Munuň özi kärhana geçen ýyly mynasyp zähmet netijeleri bilen jemlemäge mümkinçilik berdi. Kärhana 4 million 870 müň 630 tonna barabar nebit çig malyny gaýtadan sarp edijilere ýetirmegi başardy. Şonça möçberdäki «gara altynyň» 4 million 790 müň tonnadan gowragy turba geçirijiler arkaly akdyryldy. Galan möçberi suw ulaglary arkaly daşaldy.

Täze habarlar