Täsin hem äpet kerkaw agajy
Kerkawlar maşgalasyna degişli bolup, boýy 3-12 metre ýetýän, daglarda we daşly eňňitlerde ösýän agaç bolan kerkaw mart-aprel aýlary gülleýär we iýul-awgust aýlary miweleýär. Daglaryň barmasy kyn bolan ýerlerinde hem ösýän bu agaç dag topragyny berkitmekde we ýuwulmakdan goramakda örän ähmiýetlidir.
Hasar dagynyň üstünde düýbüniň sütüni 3 metrden gowrak bolan kerkaw bar. Bu goja kerkawyň ýogynlygy örän täsindir. Sumbar sebitinde ýaşaýan ýaşulular şunuň ýaly ýogyn kerkawa entek gabat gelinmändigini bellediler. Bu kerkawyň boýy 12 metrden gowrak bolup, 11 sany gapdal şahalary ýerleşýär. Gapdal şahalarynyň ýogynlygy 51-98 santimetre çenlidir.
Häzirki döwürde tebigatda kerkaw tokaýlyklarynyň meýdany giňeýär. Kerkaw agajy güýçli kök ulgamlarynyň kömegi bilen çalt ösüp ulalmaga ukyplydyr.