Täsirli geçen çäre

Çäreler
09.01.2025
293

Täsirli geçen çäre

Bilim ulgamynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenbaşy etrabyndaky 1-nji orta mekdepde «Bilim — kämilligiň binýady» diýen at bilen okuw maslahaty geçirildi. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere berilýän bilimiň hiliniň dünýä ülňülerine laýyk derejede barha kämilleşdirilmegi ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygy, bilim işgärleriniň höwes hem-de yhlas bilen işlemekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändigi barada buýsanç bilen gürrüň edildi. Şeýle-de göreldeli bilim işgärlerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Täze habarlar