
Täsirli geçen çäre
Golaýda welaýat çagalar sungat mekdebiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky welaýat döwlet drama teatrynyň girelgesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli «Arkadag Serdarly bagtyýar nesiller» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabaranyň dowamynda biri-birinden mähirli çagalaryň aýdymdyr sazlaryna, tans toparlarynyň çykyşlaryna uly orun berildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň has-da dabaralaýandygy çagalaryň buýsançly çykyşlarynda öz beýanyny tapdy. Çäräniň ahyrynda ýaş nesilleriň aýdym-saza bolan höwesini has-da artdyryp, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdyldy.