Taýmylly ýöriş
Türkmenbaşy (ozalky Krasnowodsk) — Moskwa taýmylly ýörişiň geçirilenine 90 ýyl bolýar. Taýmylly ýüzüş Türkmenbaşynyň deňiz portundan 1936-njy ýylyň 5-nji iýulyndan bat alýar. Oňa Türkmenbaşy we Esenguly etraplaryndan on sany öňdebaryjy balykçy saýlanyp alynýar. Türkmen taýmylçylary aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän deňizdir derýalardan jemi 4653 kilometr ýoly tal we garagaçdan ýasalan, boýy 5-6 metre, ini bir metre, belentligi ýarym metre, agramy 30-70 kilograma barabar bir adamlyk taýmylda ýüzüp geçmegi başardylar. Howply pursatlary başdan geçiren taýmylçy gerçekler Moskwa ýetmek üçin Hazar deňziniň, birnäçe derýalaryň üsti bilen ýol geçip, meýilnamada bellenilen gününden 8 gün öň 93 günde, ýagny 5-nji oktýabrda Moskwa barýarlar. Olara sowgatlar gowşurylýar we edermen balykçylar “Hormat nyşany” ordeni bilen sylaglanýar.