Täze binalaryň açylyş dabaralary

Çäreler
08.02.2024
144

Täze binalaryň açylyş dabaralary

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň Gyzylarbat hem-de Bereket etraplarynyň polisiýa bölümleriniň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň döwrebap edara binalary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Baýramçylyk ruhuna beslenen açylyş dabaralarynda çykyş edenler bu ýere ýygnananlary binalaryň ulanylmaga berilmegi, şeýle-de baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Açylyş dabaralarynda joşgunly ýaňlanyp, milli tanslar bilen sazlaşykly ýerine ýetirilen şirin aýdym-sazlarda, küştdepdilerde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bezegine öwrülýän beýik işler, bagtyýar durmuşymyz wasp edildi. Şeýle-de dabaralaryň dowamynda binalaryň gurluşyklaryny alyp baran Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Gurluşyk birleşiginiň göreldeli zähmeti bilen tapawutlanan gurluşykçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Soňra ýaşulular toý baglaryny kesip, binalaryň işine ak pata berdiler. Binalaryň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ylmyň täze gazananlaryna daýanýan kämil enjamlary bilen üpjün edilmegi bu ýerde awtoulaglara edilýän tehniki gözegçilik işleriniň ýokary hil derejesini gazanmaga mümkinçilik berýär. Ilkinji nobatda, bu enjamlaryň kömegi arkaly awtoulaglaryň ekologiýa kadalarynyň talaplaryna laýyklygy gözden geçirilýär. Ulaglaryň dolandyryş ulgamynyň tehniki ýagdaýy, hereketlendirijisiniň bölüp çykarýan gazynyň mukdary, tizlik ölçeýjisiniň işleýşi anyklanýar. Kompýuterler arkaly dolandyrylýan enjamlar ýeňil we ýük awtoulaglarynyň duruzyş hem-de yşyklandyryş ulgamlarynyň bildirilýän talaplara doly laýyk gelýändigini ýokary hilli barlamaga şert döredýär. Bu döwrebap binalaryň ulanyşa tabşyrylmagy sebitiň ýaşaýjylarynyň dolandyrýan awtoulaglarynyň guratlygyna tehniki taýdan gözden geçiriş hyzmatlaryny talaba laýyk guramaga mümkinçilik berer.