Täze eser esasyndaky bäsleşik
Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar - Watanyň daýanjy» atly kitaby esasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Ýaş türkmen zenanlary - berkarar döwletiň mertebe tugy» atly bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi.
Bäsleşige gatnaşanlar şertlere laýyklykda «Ýaşlar - Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitapdan parçalary labyzly okadylar. Täze taryhy eýýamda amaly-haşam sungatyny, däp-dessurlarymyzy, halyçylyk sungatyny kämil derejede ösdürmekde, gadymy keşdeçilik sungatymyzyň ýitip barýan nusgalaryny dikeltmekde, olaryň gowudan-gowusyny ýüze çykarmakda, nesillere ýetirmekde hem-de olary giňden wagyz etmekde maşgalanyň, zenanlaryň orny barada anyk mysallara salgylanyp gürrüň berdiler. Kitabyň özlerinde galdyran täsirlerini beýan etdiler. Täze eseriň waspyny aýdymlarda, gazallarda uly joşgun bilen beýan etdiler.
Bäsleşigiň jemi jemlenilende, Balkanabat şäherindäki 7-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulnur Hajygulyýewa birinji, Balkanabat şäher medeniýet merkeziniň folklor ýolbaşçysy Güljemal Penaýewa ikinji, Balkanabat şäherindäki 18-nji orta mekdebiň mugallymy Gülsünjemal Annamämmedowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijiler bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.