
Täze Halkara howa menzili ulanmaga berildi
Ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen beýik işler täze taryhy eýýamda üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň buýsançly çärelerine beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy pursatlarynyň hataryny artdyran häzirki zaman howa menzili sebitiň ilatynyň baýramçylyk şatlygyny artdyrdy.
Ulag-kommunikasiýa ulgamynda edilýän hyzmatlaryň hil derejesini has-da ýokarlandyrjak howa menziliniň gurluşygynda halkara hil talaplaryna laýyk gelýän gurluşyk serişdeleri ulanyldy. Howa menzilinde uçuş-gonuş zolagy bilen birlikde, birikdiriji öwrüm ýollary, uçar duralgalarynyň meýdançalary, ýolagçy terminallary, dolandyryş diňi, howa menziliniň barlag-geçiriş bölümleri ýerleşýär. Şeýle-de halas ediş we ýangyna garşy göreş binalary, tehniki desgalar, suw rezerwuarlary, yşyklandyryş, habar beriş ulgamynyň bökdençsiz işini üpjün etmäge niýetlenen desga, radiotehniki ulgamlaryň bekedi, ýük meýdançasy we terminaly ýaly birnäçe ugurdaş desgalar bar.
Ýurdumyzda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi ugrunda taryhy işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolan Halkara howa menziliniň ulanmaga berilmegi mynasybetli Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaralar geçirilýän ýerde toý sadakasy berildi. Toý sadakasynda halkymyzyň bagtyýar durmuşy barada uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagy dileg edildi.