Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Çäreler
01.01.2026
26

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Balkan welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabarada kitabyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler täze kitabyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uly dabaralara beslenen ýyly bolan Halkara ynanyşmak we parahatçylyk ýylynda çapdan çykmagynyň çuňňur many-mazmuna eýedigini aýratyn belläp geçdiler. Ajaýyp kitabyň adyndanam belli bolşy ýaly, ata-babalarymyzyň pähim-paýhasly ýörelgeleri jemlenen Bitaraplygymyz parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly bolup durýar. Welaýatyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan joşgunly aýdym-sazlar tanyşdyrylyş dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy. Olarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň, bagtyýar durmuşymyzyň waspy ýetirildi.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Jemgyýet