Täze kuwwatlyklar gurulýar
Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna möhüm üns berilýär. Ýokary oktanly awtoulag benzinleri, uçar, yşyklandyryş we tehniki kerosin, suwuklandyrylan gaz, dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri, tehniki çalgy ýaglary we polipropilen, elektrodly taplanan koks, ýol we gurluşyk bitumy, konditer önümçiliginde ulanylýan polipropilen plýonkasy zawodlar toplumynda öndürilýän esasy önümler bolup durýarlar.
Häzir nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda haýal kokslandyrma we gidronyň deasfaltizasiýasy boýunça desgalaryň gurluşygy tamamlanyp barýar. Nebiti gaýtadan işleýän täze önümçilik desgalarynyň ulanyşa berilmegi bilen, toplumda gidronyň hem-de mazudyň agyr galyndylary gaýtadan işleniler. Degişli önümçilik desgalarynyň işe girizilmegi öndürilýän önümleriň mukdaryny ep-esli artdyrmaga, goşmaça iş orunlaryny döretmäge hem mümkinçilik berer.
Geljekde deňiz ýakasyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebitgazly meýdançalardan gelip gowuşýan «gara altynyň» gaýtadan işlenilişiniň möçberini 90 göterimden hem artdyrmaga mümkinçilik berjek täze tehnologik desgalary gurmak maksat edinilýär.