
Täze mekdep gujagyny giňden açdy
Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynda häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen 320 orunlyk täze orta mekdep dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi.
Balkan welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk dolandyryş edarasynyň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Myhmansöýer» hususy kärhanasynyň gurluşykçylarynyň bina eden täze orta mekdebiň açylyp, ulanylmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabarada edilen çykyşlarda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny hil babatda dünýä ülňülerine laýyk getirmek ugrunda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler dogrusynda buýsançly söhbet edildi.
Täze mekdebiň gurluşygynda göreldeli zähmet çeken ussat gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmatbahaly sowgatlaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy uludan tutulan açylyş dabarasynyň ýatda galyjy pursatlarynyň birine öwrüldi.
Täsirli, şowhunly geçen dabarada medeni çärelere hem giň orun berlip, onda Balkan welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlary, şeýle-de mekdep okuwçylarydyr körpeler çykyş etdiler. Bu ýerde köpçülikleýin oturdylan saýaly baglaryň ýaşajyk nahallarynyň täze bilim ojagyna aýratyn gözellik eçilýändigi hem göwün göterijidir.
Il sylagly ýaşulularyň ak patasy bilen toý bagy kesilenden soňra, dabara ýygnananlar täze mekdebiň içine aýlanyp, bilim ojagynda döredilen ähli döwrebap amatlyklar bilen içgin tanyşdylar.