Täze mekdep — ýaş nesillere ajaýyp sowgat

Jemgyýet
02.09.2022
225

Täze mekdep — ýaş nesillere ajaýyp sowgat

Bilimler we talyp ýaşlar gününde Balkanabat şäherinde döwrebap mekdebiň açylyş dabarasy boldy. Iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň ulanyşa tabşyrylmagy ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmeklige uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolup dabaralandy.

Balkan welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda täze mekdebiň gurluşyk işlerini «Ussat inžener» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary ýokary hil derejesinde ýerine ýetirdiler.

600 orunlyk döwrebap mekdebiň umumy tutýan meýdany 2,4 gektara ýetýär. Üç gatly mekdebiň synp otaglary häzirki zaman okuw-görkezme esbaplary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilendir. Täze mekdebiň açyk we ýapyk sport meýdançalary, mejlisler zaly, naharhanasy, kitaphanasy bu ýerde işleri döwrüň ýokary talaplaryna laýyklykda alyp barmaga mümkinçilik berer. Bilim ojagynyň suw, elektrik, ýyladyş, howa çalşyş ulgamlary bilen birkemsiz üpjün edilendigini hem nygtamak gerek. Mekdebiň giň howlusyny hem-de daş-töweregini dürli saýaly baglaryň nahallary bezeýär.

Balkanabat şäherinde açylyp, ulanylmaga berlen täze orta mekdep Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesiller hakynda edilýän aladanyň dünýä nusgalykdygynyň nobatdaky subutnamasydyr.