Täze önümçilik desgasy
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň işçi-hünärmenleri senagat taýdan giň gerimlerde özleşdirilýän Gumdag, Guýjuk, Gögerendag, Ekizak, Ördekli, Uzynada ýaly nebitgaz känlerinde tebigy çig mal serişdelerini çykarmakda belent sepgitleri eýeleýärler. Hazar sebitinde ýerleşýän Uzynada meýdançasynyň önümli ýerasty gatlaklaryny senagat taýdan ýokary depginlerde özleşdirmek bilen, alynýan uglewodorod çig malyny harytlyk görnüşine getirip, döwlet ammaryna ýetirmek hem şu kärhananyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Ýakynda Uzynada ýatagynda gazdan nebit kondensatly garyndysyny saýlaýjy we akdyryjy desga gurlup ulanyşa girizildi. Önümçilik ähmiýetli bu möhüm desganyň taslama işleri «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň buýurmasy esasynda «Nebitgazylmytaslama» instituty tarapyndan ýerine ýetirildi. Gurluşyk işlerini «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Ýöritegurluşykgurnama» müdirliginiň gurluşykçylary alyp bardylar. Senagat taýdan geljegi uly bolan Uzynada meýdançasynda işe girizilen önümçilik desgasy genji-känli ojakda hereket edýän önümli guýulardan çykarylýan kondensat gatyşykly tebigy çig maly 3 basgançakly saýlaýjy enjamlaryň kömegi bilen harytlyk görnüşine getirmegi üpjün edýär. Munuň özi alynýan ýerasty tebigy çig mal bolan gazyň kondensatdan, suwdan hem-de beýleki mehaniki garyndylardan arassalanýandygyny aňladýar. Arassalanan «mawy ýangyç» täze çekilen, umumy uzynlygy 32,3 kilometr bolan turba geçirijiniň üsti bilen Barsagelmez meýdançasyndaky gaz gysyjy desga akdyrylýar. Saýlanyp alnan nebit kondensaty bolsa durnuklaşdyrylyp, ýörite çelek ammarlara ýygnalýar hem-de kuwwatly sorujylaryň kömegi arkaly turba geçirijiniň üsti bilen Gumdag nebit taýýarlaýyş we akdyryş bekedine ýetirilýär. Wajyp ähmiýetli önümçilik desgasynyň işe girizilmegi Uzynada meýdançasyndan çykarylýan uglewodorod çig mal serişdesini harytlyk görnüşine getirmek üçin Ördekli, Gögerendag, Gumdag känlerindäki saýlaýjy we akdyryjy desgalara ugratmak zerurlygyny aradan aýyrmaga, netijede, wagty hem-de çykdajylary tygşytlamaga şert döretdi.