Täze önümhana işläp başlady

Ykdysadyýet
25.02.2023
409

Täze önümhana işläp başlady

«Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäheriniň golaýynda täze önümhanasy işläp başlady. Kaolin önümhanasynda düýpli abatlaýyş-bejeriş işleri geçirilip, onuň durky doly täzelendi. Ýyllyk taslama kuwwatlylygy ýokary hilli, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önümleriň 20 müň tonnasyny öndürmäge barabar bolan kaolin önümhanasy döwrebap enjamlar hem-de tehnologiýalar bilen üpjün edildi.

Täze kaolin önümhanasy üçin çig mal serişdesi Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa şäherçesiniň golaýyndan gazylyp alynýar. Önümhanada öndürilýän önüm eýýäm içerki bazarlaryň sarp edijilerine ugradylyp başlandy we ony geljekde daşary ýurtlara ibermek hem göz öňünde tutulýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň «Derýakeramika» haryt nyşanly santehniki önümleri öndürýän iri kärhanasy öz önümçiliginde kaolini örän köp mukdarda, giňden ulanýar. Sanfaýans we keramika önümlerine häzirki wagtda ýurdumyzda we dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär. Kaolin ak sementi, elektrotehniki izolýatorlary, kosmetika we parfýumeriýa önümlerini öndürmekde, farfor gap-gaçlaryň, kagyz, karton, rezin, boýag, şeýle hem arassaçylyk serişdeleriniň (sabynyň, diş pastasynyň, şampunlaryň) önümçiliginde, plastmassadan ýasalýan önümlere dolduryjy maddalar hökmünde giňden peýdalanylýar.