Täze sahna oýny

Medeniýet
30.12.2025
29

Täze sahna oýny

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda «Hemişelik Bitaraplyk-dost-doganlyk binýady» atly teatr hepdeligi dowam edýär. Onuň dowamynda dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň dürli ýyllarda ýazan çeper eserleri esasynda sahnalaşdyrylan spektakllar tomaşaçylara görkezilýär. Welaýat döwlet drama teatrynda meşhur rus şahyry A.S.Puşkiniň «Daş myhman» pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan spektaklyň ilkinji görkezilişi hem şolaryň biri boldy. Ony režissýor Kerim Seýitgulyýew sahnalaşdyrdy. Bu sahna oýnunda ykbal öwrümlerindäki wakalar sahna dilinde giňişleýin açylyp görkezilýär. Täze spektakly sahnalaşdyrmaga teatryň döredijilik topary köp zähmet siňdirdi. Onda Arslan Hojagurbanow, Amansoltan Nepesowa, Myratberdi Sätiýew, Bossantäç Annamämmedowa we beýleki artistler özlerine ynanylan keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi başardylar.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Jemgyýet