Täze sahna oýny

Jemgyýet
24.09.2026
91

Täze sahna oýny

Welaýat döwlet drama teatrynda «Gorkut ata» eposy esasynda režissýor Öwezmämmet Galandarowyň sahnalaşdyran spektaklynyň görkezilişi boldy. «Mukaddesdir bu Watan» atly taryhy sahna oýnunda eziz Watana söýgi giňden açylyp görkezilýär. Hydyr Hydyrow (Baýandyr han), Arslan Hojagurbanow (Bekel), Parahat Elýasow (Emren), Rejep Nazgurbanow (Şükli melek), Jumamyrat Abaýew hem-de Rustam Arazmuhammedow (Ozan), Gülnur Hajymämmedowa (Aýçeçek), Arzy Arazmuhammedowa (Hatyn) keşpleriň ynandyryjy bolmagy, tomaşaçylaryň ýadynda galmagy üçin köp zähmet siňdiripdirler. Köpçülikleýin sahnada çykyş eden Nurýagdy Janmämmedow, Berdi Berdiýew, Abdyrahman Ylýasow hem-de Baýram Annageldiýew dagy hem özlerine ynanylan keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi başardylar. Spektaklyň sahna bezegini Kuwwat Mämmetnepesow ýerine ýetirdi. Sahna oýnunda millilige ýugrulan sazlar, milli lybaslar we sazlaşykly bezegler her bir tomaşaçyda ýakymly täsir galdyrdy.

Täze habarlar