Täze suw desgasy ulanylmaga berildi

Jemgyýet
27.03.2023
98

Täze suw desgasy ulanylmaga berildi

Ýurdumyzda suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, goşmaça suw gorlaryny döretmek, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak we ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen degişli işler amala aşyrylýar. Gyzylarbat etrabynyň çäginde — Garagum derýasynyň 1006-njy kilometrliginde täze suw sazlaýjy-böwetleýji desganyň dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy hem welaýatymyzyň oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň durmuşynda möhüm wakalaryň biri boldy.

Geçirijiligi sekuntda 68,2 kub metre bolan suw sazlaýjy-böwetleýji desganyň welaýatymyzyň Garagum derýasynyň boýunda ekin dolanyşygyna girizilen ekin meýdanlaryny suw bilen kadaly üpjün etmekde uly ähmiýeti bolar.

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Türkmensuwylmytaslama» instituty tarapyndan taýýarlanan taslamada amala aşyrylmaly ähli işler göz öňünde tutulypdyr. Ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Suw ulgamlaryny we desgalaryny gurmak» boýunça merkezi direksiýasynyň buýurmasy esasynda bu möhüm desganyň gurluşygyny Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri bildirilýän talaplara laýyk amala aşyrmagy başardylar.

Täze desganyň açylyş dabarasynyň Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününiň dabaralary bilen utgaşmagy bu ýere ýygnananlaryň toý şatlyklaryny artdyrdy. Degişli hünärmenler dabara gatnaşyjylary suw sazlaýjy-böwetleýji desga, onda oturdylan enjamlar we olaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Täze desganyň gurluşygynda göreldeli zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabara gatnaşanlar bu ýerde bag nahallaryny oturtdylar.