Täze ýylyň şanyna toý tutuldy uludan

Jemgyýet
10.01.2024
127

Täze ýylyň şanyna toý tutuldy uludan

Täze ýyl baýramy mynasybetli Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada ýerleşýän welaýatyň baş arçasynyň ýanynda geçirilen dabara şatlyk-şowhuna beslendi. Bu ýere il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar çagalar, ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri ýygnandylar.

Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, welaýatlaryň sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlary teleköpri arkaly görkezilip başlandy. Dabara gatnaşyjylar bu çykyşlara höwes bilen tomaşa etdiler. Soňra çykyş etmek gezegi Balkan welaýatynyň wekilleriniň paýyna düşdi. Baş arçanyň ýanyna welaýatyň häkimi H.Aşyrmyradow, il sylagly ýaşulular, mährem eneler we körpe nesliň wekilleri jemlendiler. Dabarada çykyş edenler türkmen halkyny, Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi ýetip gelen Täze - 2024-nji ýyl bilen gutladylar we täze ýylda her bir agzybir türkmen ojagyna abadançylygyň, uly üstünlikleriň, döwletli-döwranyň, bagtyýar durmuşyň ýaran bolmagyny, eziz Watanymyzyň ösüşleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan Täze ýyl aýdymy dabaranyň şowhu¬nyny has-da artdyrdy.

Ýarygijä golaýlaberende, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy bilen ýüzlendi. Dabara gatnaşyjylar teleýaýlym arkaly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baýramçylyk Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Täze ýyl bosagadan ätlän ilkinji pursatlarynda ildeşlerimiz birek-biregi ýetip gelen Täze ýyl bilen gutlap, ak ýürekden çykýan iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. 2024-nji ýylyň ilkinji gününi garşylamak dabarasy hem şatlyk-şowhuna beslendi. Şol gün ir säherde Balkanabat şäheriniň Baş baýdak meýdançasynda Döwlet senamyz ýaňlanyp, ýaşyl Tugumyz al - asmana galdyryldy. Bu ýerdäki dabaraly çärede çykyş edenler ýygnananlary täze - 2024-nji ýyl bilen mähirli gutladylar.

Sungat ussatlarynyň, talyp ýaşlaryň hem-de welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň Täze ýyla bagyşlanan edebi-sazly çykyşlary täsirli, şowhunly bolup, olar dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.