Täzelenişiň baýramy

Medeniýet
22.03.2025
79

Täzelenişiň baýramy

 Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki ajaýyp meýdançada Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli uludan tutulan baýramçylyk dabarasy Balkan welaýatynyň medeniýet, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynyň işgärleriniň, ýaşuly nesliň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda baýramçylyk ýörişi bilen başlandy.

Balkan welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Balkan welaýat bölüminiň bilelikde guran baýramçylyk dabarasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giňden orun berildi. Olarda türkmen tebigatynyň, bahar paslynyň, Nowruz baýramynyň waspy beýan edildi. Tanymal bagşy-sazandalar, estrada aýdymçylary, tans toparlary çykyş edip, dabara ýygnananlara ruhy lezzet paýladylar.

Baýramçylyk dabarasynyň geçýän ýerinde guralan sergilerde Milli bahar baýramyna degişli däp-dessurlar ussatlyk bilen janlandyryldy. Milli senetkärlik, halyçylyk, zergärçilik hem-de sungatyň beýleki görnüşleri boýunça ýerleşdirilen işler örän täsirli, ýatda galyjy boldy. Dürli oýunlara meşgullanýan çagalaryň şadyýan gülki sesleri baýramçylyk çäresiniň şatlyk-şowhunyny has-da arşa göterdi.

Ýaş suratkeşler ýazyň ajaýyp görnüşlerini öz eserlerinde şöhlelendirdiler. Giň meýdança görk berýän ak öýleriň hatary küren obany ýada saldy. Bu ýerde milli oýunlar, türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlarynadyr ýaryşlara-da uly orun berildi.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde