Teatr toparlarynyň bäsleşigi
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýurdumyzyň halk teatrlarynyň, drama toparlarynyň, teatr studiýalarynyň we halk gurjak teatrlarynyň arasynda sahna eserlerini ýerine ýetirmek boýunça Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan eden “Magtymguly, sözlär tili türkmeniň” atly döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyry welaýat döwlet drama teatrynda geçirilip, oňa etrap-şäherleriň teatr toparlary öz sahna oýunlary gatnaşdylar.
Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň ömrüne, döredijiligine, beýik söz ussady hakynda ýazylan eserlere salgylanyp, şahyryň durmuşyny, beýikligini, pikir we duýgy kämilligini beýan edýän wakalar bäsleşige hödürlenen sahna oýunlarynyň özenini düzdi. Oňa gatnaşan teatr toparlary yzly-yzyna çykyş edip, artistler öz ukyp-başarnyklaryny, ussatlyklaryny görkezdiler. Akyldar şahyryň watansöýüjiligini, il-gününe bolan çäksiz hormatyny şöhlelendirdiler. Sahna eserlerine edebi esas hökmünde şahyryň şygyrlarynyň hem saýlanyp alnandygyny aýratyn bellemek gerek. Çykyş edýän gahrymanlaryň keşbiniň, olaryň egin-eşikleriniň, sahna hem-de saz bezegleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine emin agzalary tarapyndan ýörite üns berlip, olar bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, sahna oýunlarynda edebi dil kadalarynyň berjaý edilişine, sahna oýunlarynyň döwrebaplygyna, milliligine we çeperçilik derejesine hem-de özboluşlylygyna baha berdiler.
Netijede, “Magtymguly, sözlär tili türkmeniň” atly döredijilik bäsleşiginde birinji orna Magtymguly etrabynyň, ikinji orna Gyzylarbat etrabynyň, üçünji orna Türkmenbaşy şäheriniň medeniýet bölümleriniň halk teatrlarynyň toparlary mynasyp boldular.
Bäsleşikde birinji orny eýelän halk teatrynyň topary onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.