
Tebigat gözellikleri sungat eserlerinde
Tut, dagdan, erik, söwüt ýaly ýeňil hem-de üstünden näçe ýyl geçse-de, durkuny üýtgetmeýän agaçlardan dürli gaplar, esbaplar ýasalýar. Olardan ýasalan çemçe, çanak, dokmanyň daragy, piliň, oragyň sapy, ýüňdarak, dutar, gyjak ýaly önümler berk bolup, uzak ýyllar hyzmat edýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy bilen baglanyşykly bolan agaç önümleri häzirki wagtda hem gadyr-gymmatyny ýitirenok. Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy Oraz Derwaşowyň ukyp-başarnygyndan, irginsiz zähmetinden kemala gelýän agaç önümleri bolan sandyklar, sowgatlyk hökmünde taýýarlanýan kiçijik gämiler, güller, gadymy ýadygärlikleriň nusgalary munuň subutnamasydyr.
1961-nji ýylda Balkanabat şäherinde doglan Oraz 7-8 ýaşlaryndan başlap surat çekmäge ýykgyn edýär. Soň-soňlar şol çekýän suratlaryny agaçlaryň ýüzüne geçirmäge girişýär. Işinden boş wagtlary ussahanasynda dürli görnüşli sandyklary ýasap, olaryň daşyny alajalaryň, haly gölleriniň, milli şaý-sepleriň suratlary bilen bezeýär. Sandyklaryň ýüzüne çeken şol suratlaryny-da elektrik enjamda ýörite ot bilen ýakyp bezeýär. Reňklerini-de açyk gyzyl, goýy gyzyl, sary, altynsow, kümüşsöw, hozuň gabygynyň, topragyň reňkleri bilen reňkleýär. Sandygyň ýüzüne çekýän suratlaryny, esasan, tebigat gözellikleri bilen baglanyşdyrýar. Ol, esasan, tut, arça, erik, dagdan agaçlaryndan peýdalanýar.
«Parahatçylygyň nyşany», «Joşly tolkun», «Gülden düzülen monjuk», «Gülýaka», «Şelpe», «Sähra gözelligi», «Humly Garagum», «Arzuwly geljek», «Geçmişe syýahat», «Syrly minara» atly agaçdan bezeg önümleri özboluşlylygy, täsinligi bilen tapawutlanýar. Onuň ýasaýan önümleri şäher we welaýat derejelerinde guralýan sergilerde görkezilýär.