Tebigy gözellikden gözbaş alan nagyşlar
Balkan welaýatynyň halylarynyň nagyşlarynyň öz aýratynlyklary bar. Kenar ýakasynda ýaşaýan zenanlar hala salýan nagyşlaryny suw guşlarynyň, balyklaryň, ýelkeniň, labyryň şekilinde döredipdirler. Meselem, «Gabsagöl» halysy bu sebitde iň bir ýörgünli haly bolup, oňa salnan nagyşlar tebigatyň sazlaşykly gözelliginden gözbaş alýar.
Haly ilki bilen ýüwürdilip, küjülenip, soň oňa ene topragyň üstünde ýaşaýşyň, barlygyň alamaty hökmünde toprak kakylýar. Ondan soň hala «Älem» nagşy salynýar. Günbatar sebitiň halyçylarynyň «Älem» nagşy iki görnüşde bolup, birinjisi «Sekme älem», ikinjisi «Dyrnakly älemdir». «Älemden» soň halynyň gyra nagyşlary salnyp başlanýar. Onda, esasan, ak we beýleki açyk reňkler köp ulanylýar, ol bolsa deňiz we Zeminiň köp böleginiň suwdan ybaratdygy bilen baglanyşyklydyr. Soňra bir hatar «Barmak» nagşy salnyp, onuň üçburç görnüşdeligi sebitde dag-düzleriň köp bolmagy bilen düşündirilýär.
Ak gyra nagşynyň yzynyň üzülmän gitmegi türkmen halkynyň nesliniň dowamat-dowam bolmagynyň yrym edilmegi bilen baglanyşyklydyr. Onuň ýene bir görnüşi «Saryçýan» bolup, bu nagyş hem tutuşlygyna ak reňkli ýüpden dokalýar. Ol bolsa deňiz kenarynda uzalyp gidýän tolkunlary ýadyňa salýar. Nagşyň göni we aýlawly bolmagy gaý-tupanly deňzi ýadyňa salýar.
«Gabsagölli» halynyň esasy aýratynlygy hem onuň merkezine «Gabsagölüň» salynmagydyr. Onuň şekili bir adamlyk gaýyk bolan taýmyly ýatladýar. Oňa siňe seretseň, gämini saklamak üçin ulanylýan labyryň şekilini görmek bolýar. «Labyr» şekilli nagyşlar öz gözbaşyny Parfiýa zamanasyndan alyp gaýdýar. Labyr gadymy Parfiýa döwletiniň tagmasy bolupdyr. Bu nagşa halk arasynda «Tirana» diýip hem at beripdirler. Munuň sebäbi bolsa onuň ak, gyzyl ýüpler bilen dokalan bölegine siňe seredeniňde, süýnüp ýatan burny uçly tirana balygyny ýadyňa salýandygy üçindir.