Telpek

Taryh
08.08.2024
18

Telpek

Halkymyzda kellä geýilýän başgaplar mukaddes saýylýar. Şolardan esasysy bolan telpegi çalşyp geýmek, sowgat bermek, satmak, zat bilen çalyşmak aýyp hem biedeplik hasaplanypdyr. Telpekler haýsy deriden tikilendigine görä, birnäçe görnüşlere bölünipdir. Silkme telpek buýra-buýra, ösgün tüýli deriden tikilýär. Şempa - ak goýnuň derisinden tikilýän telpek. Gytyk baganadan üstüne mata tutulyp tikilýän telpekler “hyrram” diýlip atlandyrylýar.

Telpekler daşky görnüşi, reňkleri, biçüwi we tikiliş usuly boýunça hem tapawutlanýarlar. Başgaplaryň özboluşly bir görnüşi bolan gulakjyn baganadan tikilýän telpek bolup, ol uzyn gulaklyk bölegi bolandygy sebäpli şeýle atlandyrylýar.

Şypyrma, şyrdak, çöwürme - beýleki telpeklerden tapawutlylykda, tüýli tarapy iç tarapyna edilip tikilýän telpek görnüşleri. Olara “ýatyş telpegi” hem diýilýär.

Türkmen telpekleri gyşyň sowuk howasyndan, tomsuň jöwzasyndan goraýan ygtybarly başgapdyr. Telpek halkymyzda merdanalygyň, erkliligiň, birsözlüligiň alamaty hökmünde görlüpdir.