Tersaýaklylar

Syýahatçylyk
06.06.2023
280

Tersaýaklylar

Gojaman Hazar deňzinde we onuň kenarlarynda balyklaryň, guşlaryň we beýleki suw jandarlarynyň dürli görnüşleri mesgen tutunýarlar. Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň tutýan meýdany ajaýyp tebigaty bilen tapawutlanýar. Bu ýerde tersaýaklylar toparyndan bolan täsin guşlara gözüň düşýär. Olar tiz-tizden suwa çümýärler, ownuk balyjaklardyr leňňeçjikleri alyp çykýarlar. Bu guşlaryň hereketleri täsindir. Olara tersaýaklylar diýilmegi bu guşlaryň aýaklarynyň barmaklary beýleki guşlara garanyňda tersine oturdylan ýalydyr, ýagny olaryň barmaklary öňe tarap däl-de, gapdala bakyp durýarlar.

Tersaýaklylar gyş aýlarynda Hazar deňziniň ýalpak suwly aýlaglarynda gyşlaýarlar. Olar gury ýerde oňat ýöräp bilmeýärler. Ýöne suwda ussatlyk bilen ýüzmegi başarýarlar. Tersaýaklylar maşgalasyna guşlaryň 20 görnüşi degişlidir. Ýurdumyzda olaryň 5 görnüşi duş gelýär: uly tersaýak, çalýaňak tersaýak, gyzyl boýun tersaýak, gara boýun tersaýak we kiçi tersaýak. Uly tersaýagyň agramy 2 kilograma çenli ýetýär, kiçi tersaýagyň agramy bolsa 100-120 gram töweregidir.