Tersaýaklylar
«Hazar» döwlet tebigy goraghanasy tarapyndan gözegçilik edilýän we ygtybarly goralýan ýerlerde mesgen tutan, «tersaýaklylar» diýlip atlandyrylýan guşlar topary barada eşitmek gyzykly bolsa gerek. Eýsem-de, näme üçin olara «tersaýaklylar» diýip at beripdirler? Sebäbi olaryň aýaklarynyň barmaklary, beýleki guşlara garanyňda, tersine ýalydyr, ýagny olaryň barmaklary öňe tarap däl-de, gapdala bakýar. Tersaýaklylar gury ýerde oňat ýöremegi oňarmasalar-da, suwda beýleki guşlara garanyňda, has gowy ýüzýärler. Tersaýaklylar maşgalasyna guşlaryň 20 görnüşi degişli bolup, Türkmenistanda olaryň 5 görnüşi — uly tersaýak, çalýaňak tersaýak, gyzylboýun tersaýak, gara boýun we kiçi tersaýak ýaşaýar. Uly tersaýak, adyndan belli bolşy ýaly, uly guş bolup, onuň agramy 2 kilograma çenli ýetýär, kiçi tersaýagyň agramy bolsa 100 — 120 grama barabardyr. Gyş aýlarynda Hazar deňziniň ýalpak suwly aýlaglarynda tersaýaklaryň uly sürüleri gyşlaýarlar. Olara açyk deňziň köp ýerlerinde duş gelmek bolýar. Olar gurçuklar, mör-möjekleriň liçinkalary bilen hem iýmitlenýärler. Olar, esasan, müňňürt, aterina, ownuk takgaz, sanjarbalyk ýaly senagat taýdan ähmiýeti bolmadyk balyklary awlaýarlar.