Teşneligi gandyrýan datly içgiler
Milli ykdysadyýetimize bazar gatnaşyklaryny işjeň ornaşdyrmakda, netijede hususy ulgamyň eýeleýän ornuny berkitmekde we giňeltmekde alnyp barylýan ilhalar tutumlar halkyň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde wajyp ähmiýete eýedir. Balkanabat şäherinde ýerleşýän «Zürýada hyzmat» hususy kärhanasynyň durmuşa geçirýän döwletli tutumlary hem muňa anyk subutnamalaryň biridir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan bu hususy kärhana alkogolsyz gazlandyrylan içgileriň hem-de arassalanan agyz suwunyň önümçiligini üstünlikli ýola goýmagy başardy. «Zürýada hyzmat» hususy kärhanasynyň «Dam-dam» ady bilen öndürýän alkogolsyz gazlandyrylan içgileri hem-de arassalanan agyz suwy häzirki wagtda halkyň arasynda ýokary islegden peýdalanýar. Teşneligi gandyrýan dürli içgiler Hytaýdan, Russiýadan, Germaniýadan satyn alnan kämil önümçilik enjamlarynyň sazlaşykly işledilmegi arkaly öndürilýär. Döwrebap enjamlara bolsa kärhanada bir çalşykda zähmet çekýän 50-den gowrak hünärmenler başarjaňlyk bilen erk edýärler.
Hususy kärhanada ýylda gazlandyrylan alkogolsyz içgileriň ortaça 8 million 500 müň litrini, gaplanan arassa agyz suwunyň bolsa 15 million litrden gowragyny öndürmäge zerur şertler bar. Kärhanada bu önümçilik mümkinçilikleri netijeli peýdalanylýar.
Sarp edijileriň durnukly artýan isleglerinden peýdalanýan gazlandyrylan datly içgileri we arassa agyz suwuny öndürmekde Ýasga ýerasty tebigy kölüniň suwy ulanylýar. Ýörite suw geçirijiler arkaly kärhananyň önümçilik bölümine gelip gowuşýan agzy suwunyň ýokary hilli süzgüçler arkaly iki tapgyrda arassalanylyp, ylmyň gazananlaryna daýanýan barlamhana gözegçiliginden geçirilmegi çig malyň tebigy arassalygyny has-da berkitmäge ýardam berýär. Soňra uly göwrümli gaplarda ýerleşdirilen çig mal - agyz suwy ýörite enjamlaryň kömegi arkaly gazlandyrylýar hem-de hoşboý ys we tagam beriji şireler goşulýar. Taýýarlanan alkogolsyz gazlandyrylan içgileri we arassalanan agyz suwuny dürli göwrümli gaplara gaplamak işleri hem döwrebap önümçilik enjamlaryň kömegi arkaly awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylýar. Datly içgileri gaplamak üçin gerek bolan polietilen gaplaryň ilkinji görnüşi Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň «Uly çynar» hojalyk jemgyýetinden alynýar. Soňra olar hususy kärhananyň ýöriteleşdirilen önümhanasynda gerekli sygym görnüşlerine getirilýär. Netijede, sarp edijileriň islegleri nazarda tutulyp, dürli ölçeglerde taýýarlanan polietilen gaplara guýlan hoşboý ysly, datly içgileriň hem-de arassalanan agyz suwlarynyň her günde müňlerçe litri taýýarlanylýar.