Tikinçi zenanlaryň bäsleşigi
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi. Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen bäsleşige onuň deslapky tapgyrlarynda öňe saýlanan tikinçi gelin-gyzlar gatnaşdylar. Olar şertlere laýyklykda, öz el hünärlerini ýaş gyzlara öwretmekde alyp barýan işlerini, tikýän milli lybaslarynyň aýratynlyklaryny gürrüň berdiler. Bellenilen wagtyň dowamynda gyzjagazlara köýnek biçip-tikdiler. Milli lybaslary taýýarlaýyşlary we olara salan gadymy nagyşlaryndaky syrly şekiller barada çeper söz bilen beýan etdiler, keşdelän lybaslaryny geýnip, goşgularda, gazallarda tarypladylar. Emin agzalarynyň gelen netijesi boýunça bäsleşikde Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mugallymy Oguljeren Rejebowa, Esenguly etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň mugallymy Gülzar Baýramowa we Bereket etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň mugallymy Nurjemal Täçmämmedowa birinji orunlara mynasyp bolup, olar bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi. Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen bäsleşige onuň deslapky tapgyrlarynda öňe saýlanan tikinçi gelin-gyzlar gatnaşdylar. Olar şertlere laýyklykda, öz el hünärlerini ýaş gyzlara öwretmekde alyp barýan işlerini, tikýän milli lybaslarynyň aýratynlyklaryny gürrüň berdiler. Bellenilen wagtyň dowamynda gyzjagazlara köýnek biçip-tikdiler. Milli lybaslary taýýarlaýyşlary we olara salan gadymy nagyşlaryndaky syrly şekiller barada çeper söz bilen beýan etdiler, keşdelän lybaslaryny geýnip, goşgularda, gazallarda tarypladylar. Emin agzalarynyň gelen netijesi boýunça bäsleşikde Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mugallymy Oguljeren Rejebowa, Esenguly etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň mugallymy Gülzar Baýramowa we Bereket etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň mugallymy Nurjemal Täçmämmedowa birinji orunlara mynasyp bolup, olar bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.