Tilkiçaý
Günorta-Günbatar Köpetdagda 1 müň 300-den gowrak ösümlik görnüşlerine duş gelmek bolýar. Olaryň aglabasy dermanlyk we peýdaly ösümliklerdir. Dermanlyk ösümlikleriň biri-de tilkiçaýlardyr. Ýurdumyzda tilkiçaýlaryň 4 görnüşi ösýär. Solaryň 2-si Balkan welaýatynda gabat gelýär. Lawanda ýaprakly tilkiçaý dodakgüllüler maşgalasyna degişli köpýyllyk otjumak ösümlikdir. Bu ösümlik Günbatar Köpetdagda deňiz derejesinden 1730-1800 metr belentliklerde hasaba alyndy. Onuň boýy 5-17 santimetre çenli ösüp bilýär, kök ulgamlary 9-20 santimetre çenli uzaýar. Tilkiçaý daşly-çagylly eňňitlerde topbak bolup ösmegi halaýar. Ol aprel-maý aýlary gülleýär. Tilkiçaýlaryň köp ýaýranlarynyň biri-de türkmen tilkiçaýydyr. Ol 10-35 santimetre çenli boý alýar. Ýarym gyrymsyja tilkiçaý aprel-maý aýlary gülleýär we daşly, çagylly eňňitlerde topbak bolup ösýär. Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň işgärleri bu dermanlyk ösümligiň biologik we ösüş aýratynlyklaryny öwrenip, başga-da ösýän ýerlerini aýan edip, tebigatdaky sanyny dikeltmekde degişli işleri amala aşyrýarlar.