Tohumyňyz müňlesin, pagtaçy babadaýhanlar!
Balkan welaýatynda gowaça ekişine ýokary guramaçylykly girişildi. Welaýat häkimliginiň guramagynda geçirilen dabaraly maslahat jogapkärli möwsümiň özboluşly badalgasyna öwrüldi.
Maslahatda edilen çykyşlarda nygtalyşy ýaly, daýhanlaryň ýerden bol hasyl alyp, içerki bazary özümizde öndürilýän ýokary hilli oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmekleri, oňat girdeji gazanmaklary üçin häzirki wagtda ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň hem-de pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda kabul eden Karary hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Maslahatdan soňra gowaça ekişine başlanmagy mynasybetli dabara «Batly gadam» hususy kärhanasynyň Gyzylarbat etrabynyň çägindäki ekin meýdanynda giňden ýaýbaňlandyryldy. Il sylagly ýaşulular türkmeniň asylly däbine eýerip, «Bismilla» bilen ekişe kemsiz taýýarlanan meýdana ilkinji gowaça çigitlerini sepdiler. Bereketli topraga ekilen tohumlaryň müňlemegi, bol hasyl getirmegi baradaky ýagşy dilegler bu ýere ýygnanan adamlaryň dilleriniň senasyna öwrüldi. Baýramçylyk ruhunda başlanan gowaça ekişini ýokary öndürijilikli ekiş tehnikalary dowam etdirdiler.
Ýer eýeleri jogapkärli möwsüme ähli taraplaýyn taýýarlykly geldiler. Ýazky sürüm işlerinde «John Deere», «CLAAS», «Keýs» ýaly kuwwatly traktorlaryň 140-sy, bejergi traktorlarynyň 125-si netijeli işledildi. Ekiş möwsüminiň dowamynda bolsa ekiji tehnikalaryň 30-sy bökdençsiz işledilip, hyzmat ediş toparlarynyň 19-sy iş üstünde bolarlar. Işleriň sazlaşykly guralmagy welaýat boýunça 13 müň gektar meýdanda geçiriljek gowaça ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, öz wagtynda tamamlamaga mümkinçilik berer.
Gowaça ekişine badalga berilmegi mynasybetli geçirilen dabarada medeniýet we sungat ussatlary joşgunly çykyşlary bilen babadaýhanlaryň armasyny ýetirdiler.