Tomaşaçylara şatlyk paýlan aýdymlar

Jemgyýet
27.10.2023
221

Tomaşaçylara şatlyk paýlan aýdymlar

Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň sahnasynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinden gelen zehinli estrada aýdymçylarynyň çykyşlary welaýatymyzyň ýaşaýjylary üçin özboluşly toý sowgady boldy.

Ýurdumyzda belli aýdymçylar Türkmenistanyň halk artistleri Sahydursun Hojakowanyň, Dilber Rahmanowanyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ahmet Atajanowyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijileri, «Ýylyň parlak ýyldyzy» adynyň eýesi Rüstem Hallyýewiň, şeýle-de Seýitguly Tülegenowyň, Şatlyk Gurbannazarowyň, Farhat Öräýewiň uly joşgun we ussatlyk bilen ýerine ýetiren şirin aýdymlary tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Olarda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler, ajaýyp döwür, mukaddes Garaşsyzlygymyz, gözel tebigat, ýaşlyk wasp edildi. Ajaýyp sahnanyň bezegi aýdymçylaryň şirin owazlary bilen utgaşyp, tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady.