Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan sahna oýny
Ýaz paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzyň teatrlarynda, şol sanda Balkan welaýat döwlet drama teatrynda tomaşaçylara gyzykly sahna oýunlary hödürlenilýär. Geçen şenbe we ýekşenbe günlerinde hem teatr köp adamly boldy. Bu ýerde görkezilen «Gumly gelin» atly sahna eseri tomaşaçylarda uly täsirleri galdyryp, olaryň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Sahna oýnunyň edebi esasyny ýazan Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gylyçmyrat Kakabaýew bolup, režissýory teatryň sahna ussady Hydyr Hydyrowdyr. Rejepgeldi Nazgurbanow, Amansoltan Nepesowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ogulgözel Gurbanowa ýaly artistleriň keşpleri ussatlyk bilen janlandyrmaklary netijesinde halk köpçüligine hödürlenen oýnuň sahna bezegini Kuwwat Mämmetnepesow ýerine ýetirdi. «Gumly gelin» sahna oýnunyň esasy many-mazmuny milli, medeni, ruhy gymmatlyklara gadyr goýmaklykdan, ruhubelentlikden ybaratdyr. Diňe birek-birege bolan ynamyň, söýginiň hem sarpanyň adamlary birleşdirýändigi, döwürdeşlerimiziň ruhubelentliginiň düýp özeniniňem şundadygy sahna oýnunda aýratyn öňe sürülýär. Milli hem medeni, ruhy gymmatlyklarymyza, ýurdymyza, häzirki döwürde durmuşa geçirilýän beýik işlere, ynsan gatnaşyklaryna, duýgy-düşünjesine sarpa goýmagy ündeýänligi bilen eseriň terbiýeleýjilik ähmiýeti ýokarlanýar. Şahyranalyk, şatlyk, ruhubelentlik, söýgi, ynam eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şu günler Balkan welaýat döwlet drama teatrynda Gylyçmyrat Kakabaýewiň «Bedew rowaýaty» atly sahna eserini sahnalaşdyrmak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu sahna oýny teatryň agzybir işgärleriniň Türkmen bedewiniň milli baýramyna ajaýyp sowgady bolar.