Tommarçakly gülýaka
Türkmen halky öz gelin-gyzlaryny altyn-kümüş şaý-sepleri bilen bezemegi dereje bilýän halkdyr. Ajaýyp milli şaý-sepleriň biri-de gülýakalardyr. Galkan şekilli tes-tegelek edilip ýasalan bu ajaýyp bezeg şaý-sepi lowurdap duran Güni ýadyňa salýar.
Gülýakalaryň dürli-dürli görnüşleri bolýar. Balkan sebitindäki gelin-gyzlaryň köpüsiniň dakynýan, üsti güberip duran gülýakasyna «tommarçakly», käbir ýerlerde bolsa «güberçekli» gülýaka diýilýär. Iki gatdan ybarat bolan bu gülýakanyň güberçeginiň töweregine we ortasyna gaş goýlup, buýnuzly goçaklar, sekdirmeler we tolkunlar bilen nagyşlanýar.
Tommarçakly gülýakalary ýasamak örän çylşyrymly. Ony her bir zergär ýasap bilmeýär. Geçmişde balkanly ady belli kümüşçi zergär ussalaryň birnäçesi tommarçakly gülýakalary çäksiz yhlas siňdirip ýasamak bilen meşhurlyk gazanypdyrlar. Ol ussalara uzak ýerlerden şeýle gülýakalary ýasatmak üçin gelipdirler. Soň-soňlar ol gülýakalary altyndanam ýasap başlapdyrlar.
Ýakalaryň bezegi bolan tommarçakly gülýakalar sebitiň zergärçiliginiň aýratynlygyny görkezýär.