
Tomsuň sapaly günleri çagyrýar
Çagalar üçin iň gyzykly günler-tomusky dynç alyş döwri başlandy. Körpeler sapaly tomusda ýurdumyzyň gözel ýerlerinde gurlan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýarlar, saglygyny berkidýärler.
Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňündäki meýdançada bagtyýar körpeleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Balkan», «Hazar şäherindäki «Gara Altyn», Serdar şäherindäki «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine ugratmaga bagyşlanyp geçirilen dabara şatlyk-şowhuna beslenip, onda zehinli çagalaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlary bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady.
Bagtyýar çagalar birkemsiz bezelen awtobuslarda sagaldyş we dynç alyş merkezlerine tarap ýola düşdüler. Ol ýerlerde aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanyp, çagalar dabaraly ýagdaýda garşy alyndy.
Merkezler ýaş nesliň gowy dynç almagy üçin birkemsiz taýýarlanylypdyr. Çagalaryň wagtlaryny gyzykly we şadyýan geçirmekleri üçin ýörite meýilnama düzülipdir. Ähli amatlyklary bolan giň hem-de ýagty otaglarda ýaş nesliň kitap okamagy, sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilipdir. Aýdym-saz, kompýuter we beýleki otaglary çagalaryň hyzmatynda. Merkezlerde zehinli çagalaryň arasynda dürli bäsleşikleri, sport ýaryşlaryny guramak, duşuşyklary geçirmek, gözel ýerlere gezelençleri guramak göz öňünde tutulýar.
Gökderedäki, Awazadaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýurdumyzyň dürli künjeginden dynç almaga gelen körpeler dabaraly garşylandy. Bu ýerlerde geçirilen günler şatlyk-şowhuna beslenip, bagtyýar çagalara ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berer.