Torbalar

Taryh
16.07.2024
253

Torbalar

Dürli ugurlara niýetlenip, türkmen durmuşynda ulanylan torbalar çitme hem kakma görnüşinde dokalypdyr. Duz torba küýze görnüşinde bolup, öýüň gap-gaç böwründe duz guýlup ulanylypdyr, çemçe torba hem şu böwürde asylyp, onuň içine çemçeler goýlupdyr. Gap-gaç torba agaç okara çanaklary ýerleşdirmekde peýdalanylypdyr. Dul torba ak öýüň dulundan asylyp goýlup, ownuk-uşak zatlary, egin-eşikleri abat hem jem saklamakda peýdalanylypdyr. Aşyk torba kiçi görnüşde bolup, çagalaryň oýnaýan aşyklary salnypdyr. Gazan torba göç edilende, gazan salmakda ulanylypdyr. At torba, adyndan belli bolşy ýaly, atlara iým gaby bolup hyzmat edipdir. Torbalar dokalanda, köplenç aşagy seçekli, ululy-kiçili görnüşde taýýarlanypdyr. Olarda köplenç «Gyýak», «Tegbent», «Okgözi», «Dogajyk»,  «Agöýjük», «Tegek» ýaly nagyşlar duş gelýär.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde