Totuguş
Türkmen maşgalalarynda hem höwes bilen saklanylýan totuguşlar eýesine wepaly guşlardyr. Olar eşiden sözlerini, käte sözlemlerini-de gaýtalamagy gowy görýärler, hatda eýeleri bilen gürleşmegi-de başarýarlar. Maglumatlara görä, totuguşlaryň müňe golaý söz bilýänleri bar. Olar eýeleriniň we öýe gelýän myhmanlaryň ulanan sözlerini ýatda saklap, şol sözleri ýa-da sözlemleri gaýtalamagy halaýarlar. Bu täsin guşlara begenmek, oýnamak, şatlanmak, käte bolsa gama batmak hem mahsusdyr. Totuguşlar hemişe hereketde bolmagy halaýarlar, ýeňillik bilen öýüň içinde, daşarda uçup, hezil edinýärler. Olar howanyň üýtgemegine tiz öwrenişýärler. Kiçijik göwresi, inçejik sesi, owadan syraty, kämahal öz eýesine bildirýän duýgudaşlygy bilen, olar adamlary özlerne çekýärler. Bu guşlary öý şertlerinde saklamak we idetmek boýunça içgin gyzyklanýan hünärmenleriň bellemeklerine görä, totuguşlar arassaçylygy gowy görýärler. Şonuň üçin hem iým we suw berlenden soňra, kapasanyň içini arassa saklamaga çalyşmaly. Olaryň kapasasyny iki hatar edip ýasamak maslahat berilýär. Onuň ýokarky hatary hereket hem gezim etmek, dynç almak, aşaky hatary bolsa iýmlemek üçin niýetlenilse göwnejaý bolýar. Dünýäde totuguşlaryň 300-den gowrak görnüşi bar. Olaryň käbiri 20 ýyla çenli ýaşaýar.