Toý çörek önümleri

Medeniýet
31.08.2023
332

Toý çörek önümleri

Türkmen halky çöregi mukaddeslik hasaplap, onuň bilen bagly yrymlary, däp-dessurlary döredipdirler. “Öýüm kepbe bolsa-da, nanym ketde bolsun”, “Nan - öwlüýä” diýen nakyllary döreden halkymyz duz-çörek bilen başlanan işiň şowlulyk eçilýändigine, hatda käbir gabat gelýän şowsuzlykdan hem aman-sag alyp çykýandygyna ynanypdyr. Türkmen toýlaryny alyp görenimizde, olarda toýa niýetlenen çelpek (ekmek), gatlama, pişme ýaly çörek önümleri bişirilip, toý mähellesine hödürlenilýär. Toý çörekleri täze çatynjalaryň rysgal-döwletli bolmagyna niýet edilip bişirilipdir. Gazallaryň birinde şeýle diýilýär:

«Gatlamany gatlaşjak,

Ekmek bolsa epleşjek.

Öz dünýämiň toýunda,

Ýadamazdan küşt depjek».

Hamyrmaýa goşulmadyk hamyrdan, örän ýuka ýaýylyp, gyzgyn gazanda azajyk ýag bilen syrylyp bişirilýän milli tagama çelpek diýilýär. Ýurdumyzyň günbatar sebitlerinde çelpegi epmek, eplemek manysynda çelpege epmek hem diýlipdir. Hüwdüdäki:

«Ahalyň ak unundan,

Epmek gelsin şu gyza.

Maňgyşlagyň maň goýnundan,

Söwüş gelsin şu gyza»

diýen setirler hem muny subut edýär.

Toý saçagynyň bezegi bolan ýene bir çörek önümi gatlamadyr. Ol çelpek ýaly ýuka ýaýylan hamyra ýag çalyp, gat-gat edilip gyzgyn ýagda gyzardylyp bişirilýär. Ýüzüne çemçe, çäýnegiň gapagy, barmaklar arkaly dürli şekiller çekilip, gatlamanyň üstüne şeker külkesi sepilýär. Pişme bolsa ýaýylan hamyrdan dürli görnüşde gytak dörtburç kesilip, ýagda bişirilýär.