
Toý tutuldy medeniýetiň hem sungatyň şanyna
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Balkan welaýatynda ýaýbaňlandyrylan çäreler biri-birine ulaşdy. Esasy baýramçylyk dabarasy Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirilip, oňa Balkan welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, bagtyýar ýaşaýjylar we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabara Balkan welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasy bilen açyldy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary joşgunly tanslar bilen utgaşyp, olarda Magtymguly Pyragynyň, medeniýetimiziň, sungatymyzyň, täze taryhy döwrümiziň beýik ösüş-özgerişleriniň waspy belentden ýetirildi. Beýik şahyryň şygyrlaryna döredilen türkmen halk aýdymlary bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. Folklor toparlaryň ýerine ýetiren joşgunly tanslaryna, küştdepdidir gazallaryna, teatryň artistleriniň akyldara bagyşlap taýýarlan sahna oýnundan bölege uly gyzyklanma bilen tomaşa edildi. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergide muzeý gymmatlyklaryna, milli aýratynlyklarymyzy şöhlelendirýän, asyrlaryň synagyndan geçip, biziň şu günlerimize gelip ýeten amaly-haşam sungatynyň önümlerine, el işlerine, neşir önümlerine we beýleki sungat eserlerine giň orun berildi.