Turaç
Dünýäde guşlaryň towukşekilliler toparynyň 250-den gowrak görnüşi bolup, Türkmenistanda 6 görnüşi duş gelýär. Şol toparyň sülgünler maşgalasyna degişli bolan guşlaryň biri hem turaçdyr. Turaç köp guşlardan öz owadanlygy bilen tapawutlanyp, käkilikden sähelçe ulurakdyr. Ýetişen horazynyň reňki gara, bedeniniň aşaky tarapy tegelek ak tegmilli, çüňki gara, aýaklary gyzyl bolýar. Mäkiýany bolsa öçügsi reňkli, aşak tarapy kese gara zolakly, üstki tarapy poslurak-sarymtyl öwüşginli, alkymy we bokurdagynyň ýokarsy ak bolýar. Turaçlaryň ganatlarynyň uzynlygy 148-180 millimetr, agramy bolsa 400-550 gram aralygyndadyr. Turaçlar Orta Aziýada diňe Türkmenistanyň günorta-günbatarynda, Etrek we Sumbar jülgelerinde duş gelýärler. Olar oturymly guşlar bolup, suw ýataklarynyň golaýyndaky ýylgynly, böwürslenli, ýandakly jeňňelliklerde, derýanyň gamyşlyk, ösgün otluk bilen gezekleşýän ýerlerinde we ekerançylygyň çetlerinde hem mekan tutýarlar. Bu guşlaryň jübütligi durnukly bolup, horazlary diňe bir mäkiýan bilen jübütleşip, olar köpeliş döwründen başga wagtlarda hem bile ýaşaýarlar. Mart-awgust aralygynda, käbiri iki gezek köpelýär. Höwürtgesi gyrymsynyň aşagynda, içine guran ot-çöpleriň sypallary düşelen kiçiräk çukurjyk bolup, 6-8, seýregräk 10 sany ak meneklije ýaşylymtyl-goňur reňkli ýumurtgalary goýýar. Mäkiýany ýumurtgalaryny 3 hepdä golaý basyp ýatýar. Ýaş jüýjeler maýyň ikinji ýarmyndan oktýabryň ortasyna çenli duşýar. Güýz we gyş aýlary süri bolup gezýärler. Turaçlar örän seýrek, sany azalýan görnüş bolup, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir, olary awlamak gadagandyr. Olar Hazar we Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanalarynyň guşlarynyň iň täsin wekilleriniň biri hasaplanýar.