Turan pyşdyloty
Ýurdumyzyň täsin ösümlik dünýäsi daşky alamatlary boýunça biri-birinden tapawutlanýan ösümliklere baýdyr. Astralar maşgalasyna degişli bolan Turan pyşdyloty hem üýtgeşik daşky keşbi bilen ünsüňi özüne çekýär. Turan pyşdyloty ýabany birýyllyk otjumak ösümlikdir. Bir sany dik ösýän esasy baldagy bolup, ýere ýazylyp ösýän goşmaça baldaklary gapdal tarapa şahalanýar. Baldagy ösüşiniň ilkinji döwürlerinde tüýjümek bolýar. Ýapraklary ýaýbaň, gyralary gädilen, ýiti, diş-diş şekilli. Gül sebetjikleri gysylan ýa-da ýumurtga şekilli bolup, baldagyň ujunda ýekelikde ýerleşendir. Gül sebetjikleri sary we ýaşylymtyl reňkli tüýjagazlar bilen örtülendir. Turan pyşdylotunda sary reňkli güljagazlar hem bolýar. Bu ösümlik ýurdumyzyň düzlük ýerlerinde, çägeli meýdanlarynda, deňiz derejesinden 400 — 1200 metr bolan belentliklerde bitýär. Uly Balkan, Kiçi Balkan daglarynda, Günorta-Günbatar Köpetdagda, Gündogar Köpetdagda, Bathyzda, Köýtendagda, Demirgazyk-Günbatar Garagumda, Üstýurtda, Gündogar Garagumda, Köpetdag eteklerinde, Tejen — Murgap sebitlerinde giňden ýaýrandyr. Turan pyşdyloty gury eňňitlerde aňsatlyk bilen ösüp boý alýar. Ol aprel — iýun aýlarynda gülleýär we miweleýär, tohumy arkaly köpelýär. Turan pyşdylotunyň dermanlyk ähmiýetiniň bardygyny hem bellemek gerek.