Türkmen arçasy

Ýurduň çäginde
31.07.2026
56

Türkmen arçasy

Serwiler maşgalasyna degişli bolan türkmen arçasynyň ýurdumyzda 2 görnüşi mälimdir. Ol, esasan, guraksy, daşly dag eňňitlerinde, ýalaňaç gaýalarda örän haýal ösýän, uzak wagtlap suwsuzlyga çydamly, azyndan 550-600 ýyla çenli ýaşap bilýän daragtdyr. Arça agajy ilkinji tohumyny 20-25 ýyldan soň görkezip başlaýar we tohumyndan köpelýär. Bu agajyň boýy 2-10, kähalatlarda 15 metre çenli ýetýär. Arçalar Günorta-Günbatar Köpetdagyň daglarynda gür tokaýlyklary emele getirýärler. Türkmen arçasynyň kähalatlarda töňňeleriň gapdallaryndan çykýan ösüntgilerden gögerip oturan ýerlerine-de gabat gelinýär. Onuň çydamly kök ulgamy topragy ýuwulmakdan goraýar hem-de topragyň yzgarlylygyny saklaýar. Daglarymyzyň bezegi bolan arça agajynyň çeşmeleriň  akmagynda uly täsiri bardyr. Ol köp mukdarda kömürturşy gazy özüne siňdirýär hem-de ýaşaýyş üçin gerek bolan kislorody bölüp çykarýar. Arçanyň tohumy, ýapragy adamyň saglygy üçin peýdaly maddalaryň ençemesini özlerinde jemleýär. Arça deňiz derejesinden 1100-2800 metr beýikliklerde ösüp bilýän agaçdyr. Türkmen arçasy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir hem-de Köpetdagyň endemigidir. Köpetdagyň ösümlik örtüginiň 300 gektar meýdanyny arça tokaýlygy tutýar.